Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz mukaddes Mekge şäherine — Muhammet pygamberiň Watanyna umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirdi. Şu ýerde ýene-de bir möhüm wakany belläp geçmek ýerlikli bolar. Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede, Arkadagly Serdarymyzyň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin örän seýrek mümkinçilik döredildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy.

Halkymyzyň taryhynda şeýle aýratyn mümkinçilik ilkinji gezek 2016-njy ýylyň maý aýynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda döredildi. Häzirki waka bolsa Saud Arabystany Patyşalygynda türkmen halkyna, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilýän çuňňur hormat-sarpanyň nobatdaky güwäsi boldy.

Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady.

Muhammet pygamber biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynda Mekgeden hijret edenden, ýagny göçenden soňra, Medinede ýaşaýar we yslam dinini wagyz edýär. Musulmanlaryň hijri ýyl hasaby hem öz gözbaşyny şol seneden alyp gaýdýar. Bu ýerde pygamberimiz öz sahabalaryny daşyna jemläp, sekiz ýyldan soňra, ýeňiş bilen ýene Mekgä dolanyp barýar. Medine şäheri adamzat taryhynda ilkinji musulman döwletiniň paýtagty bolup, yslam dini bu ýerden tutuş dünýä ýaýraýar.

…...Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Medine welaýatynyň häkimi, Patyşanyň bäşinji ogly Feýsal bin Salman Al Saud deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly guramalaryň ugry boýunça özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dostluga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Muhammet pygamberiň metjidine tarap ugur alýar.

Musulman Gündogarynyň bu meşhur şäheri bolan Mekgä “Al-mukarram”, “Umm-al-kura” («Mübärek şäher», «Şäherleriň enesi»), Medinä bolsa “Al-munawwara”, ýagny “Nurana Medine” ýaly aýratyn atlaryň berilmegi tötänden däldir. Häzirki wagtda 1 milliondan gowrak ilaty bolan bu iri şähere her ýyl şonçarak zyýaratçy gelýär.

Bu toprakda Muhammet pygamberiň jaýlanandygy üçin Medine şäheri Mekge bilen deň derejede tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddesdir. Zyýaratçylar şäherde ýerleşýän “Jennet al-Baky” öwlüýäsine zyýarat etmegi özlerine parz hasaplaýarlar. Bu ýerde pygamberimiziň maşgalasy Aýşanyň we onuň gyzy Patmanyň, şeýle-de birnäçe halyflaryň guburlary bar.

Muhammet pygamberiň metjidi (Al-Masjid an-Nabawi) dünýäde ululygy boýunça ikinji metjit bolup, şäheriň esasy we ajaýyp künjegidir. Onuň gurluşygyna pygamberimiziň hut özi gatnaşypdyr. Aradan çykandan soň ol bu ýerde jaýlanýar. Ondan soňky yslam hökümdarlary metjidi has-da giňeldýärler.

Bişen kerpiçden gurlan bu toplum diňe bir ölçegleri däl, eýsem, bezegi bilen hem tapawutlanýar. Onuň bezeg işlerinde mermeriň seýrek görnüşleri hem-de gymmat bahaly metallar ulanylypdyr. Ol gözelligi bilen görenleri haýran galdyryp, musulman binagärliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biri hökmünde uly şöhrata eýedir. Metjidiň häzirki ölçegleri ilkinji gurlan binasyndan ýüz esse töweregi uludyr. Häzirki döwürde Muhammet pygamberiň metjidi köne Medine şäherinden hem uly meýdany eýeleýär.

Metjidiň esasy girelgesiniň agzynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy onuň ymamy hormat bilen garşylaýar. Döwlet Baştutanymyza metjidiň taryhy barada we onuň bilen bagly rowaýatlary gürrüň berdiler.

Metjidiň takyk gurlan wagty belli däl. Ol baradaky maglumatlara XII asyryň başyna degişli köne golýazmalarda duş gelmek bolýar. Muhammet pygamberiň metjidi musulman jemgyýetiniň durmuşynda hemişe aýratyn orny eýeläp gelýär. Bu ýerde yslama laýyklykda, dini ybadatlar ýerine ýetirilipdir. Metjit ilkinji ýyllarynda dürli wezipeleri ýerine ýetiripdir, onda möhüm jemgyýetçilik çäreleri geçirilipdir, bu ýerde kazyýet we mekdep ýerleşipdir.

Hut şu metjidiň çäginde täsin künjek — behişdiň ýerdäki bölejigi ýerleşýär diýlip hasaplanýar. Rowaýata görä, ol künjek kyýamatda hem abat galarmyş.

Metjide mermer düşelip, onuň üstünden nepis halylar ýazylypdyr. Daşky diwarlary we gapylary dürli reňkli daşlar bilen bezelipdir. Bu ýere gelen her bir musulman pygamberimize salawat aýtmaly.

Muhammet pygamberiň kümmeti toplumyň günorta-gündogar böleginde, metjitdäki ýeke-täk ýaşyl gümmeziň aşagynda ýerleşýär. Pygamberimiziň gubrunda XI asyrda ýazylan “Nuretdin Mahmut Metjit” diýen ýazgy saklanyp galypdyr. Ol atabeg türkmenlerinden bir hökümdaryň adydyr. Pygamberimiziň kümmetiniň ýanynda onuň ýakyn egindeşleri — hezreti Ebu Bekiriň we hezreti Omaryň guburlary bar.

Musulman dünýäsinde Mekge we Medinäniň arasynda tapawut goýulmaýar, çünki bu iki mukaddeslik yslamda deň-derejede ähmiýetlidir. Bu ýere haja zyýarata gelenler beýleki musulmanlar üçin ruhy halypa hasaplanýar. Zyýaratçylaryň iki mukaddes ýere hem şol bir wagtyň özünde zyýarat eden halatlary seýrekdir. Döwlet Baştutanymyzyň häzirki umra hajyny Arkadagly Serdarymyza we Garaşsyz Türkmenistana bildirilen aýratyn hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul etmek bolar. Hatda pygamberimiziň hadysynda-da: “Käbeden soňra Muhammet pygamberiň metjidinde okalan namaz beýleki okalan namazlardan müň esse sogaplydyr” diýilýär. Musulmanlar bu ýerde edilen doga-dilegleriň hökman kabul boljakdygyna ynanýarlar.

Häzirki döwürde bu örän uly metjit inženerçiligiň ajaýyp nusgasydyr. 89 girelgesi bolan binany awtomatik ýagdaýda açylyp-ýapylýan, hersiniň agramy 80 tonna bolan gümmezler bezeýär. Bu ýerde beýikligi 100 metrden gowrak 10 sany minara bolup, olaryň ikisi pygamberimiziň ýaşan wagtyndan bäri saklanyp galypdyr. Olar gözelligi bilen haýran galdyryp, binagärlik nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär.

Toplum 27 sany namaz okalýan howlyny özünde jemleýär. Metjitde şol bir wagtyň özünde 600 müň adam ýerleşip bilýär. Ýöne haj wagtynda bu ýere her ýyl milliondan gowrak adam gelýär. Metjidiň ägirt daş “saýawanlary” zyýaratçylary ýagyşdan hem-de Günüň gyzgyn şöhlesinden goraýar.

Mundan başga-da, metjit dünýädäki iň uly suw we elektrik üpjünçilik ulgamy, döwrebap sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Olar metjitden 7 kilometre çenli uzaklykda ýerleşdirilipdir. Agşamlaryna Al Masjid an-Nabawiniň yşyklandyrylyşy ajaýyp görnüşleri döredýär. Metjidiň dört burçunda ýerleşdirilen minaralar has ýagty yşyklandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okady. Pygamberimiziň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi.

Hajy Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda bu ýerde bolup, namaz okandygyny hem-de mukaddes toprakda ýagşy dilegleriň, umyt-arzuwlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen halkynyň yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan gymmatlyklara aýratyn gadyr goýmak däbiniň taryhyň jümmüşinden gelýändiginiň we nusgalyk asylly ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany bolupdy.

Ine, bu gün bolsa Arkadagly hajy Serdarymyz peder ýoluny dowam edip, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary hem-de kümüş saçly eneleri bilen bilelikde keramatly topraga gelip, haj parzyny berjaý etmegi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň dowamata atarylýandygyny äşgär edýän pursatlara öwrüldi.

Arkadagly hajy Serdarymyzyň ýaşulular hem-de ak gyňaçly eneler bilen bilelikde mukaddes ýerlerde ybadat etmegi türkmen ilinde agzybirlik ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň we hajy Arkadagymyzyň milli gymmatlyklary esasy ugur edinýän başlangyçlarynyň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Medinäniň Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşy aldylar hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we umra hajyny berjaý etmegi bilen tüýs ýürekden, mähirli gutladylar.