Habar

Şu gün Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Welosiped hereketiň zerur seişdeleriniň biri bolup, indi iki ýüz ýyldan köpräk wagt bäri adamzadyň hemrasydyr. Dünýäniň dürli şäherlerinde welosipede degişli täsin ýadygärlikleri görmek bolýar.

2020-nji ýylyň iýunynda paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatgyrynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasy açyldy. Bu täsin binada mähriban halkymyzyň baý taryhy we onuň täze eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy.

Welosipede bagyşlanan ýadygärlikler ABŞ-da, Belgiýada, Russiýada we Latwiýada hem bar. 2011-nji ýylda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside welosipediň äpet monumenti guruldy. Gözel meýdançalaryň birinde gurlan uzynlygy 8, beýikligi 4 metr bolan bu ýadygärlik sagdyn durmuş ýörelgesini goldaýan, iň amatly ulag serişdesi hökmünde welosipede uly baha berýän adamlara bagyşlanypdyr.

Iň meşhur welomonumentleriň ýene biri 1996-njy ýylda Fransiýada «Tur de Frans» ýolunda gurlan köpgünlük weloýaryşyna gatnaşan welosipedçilere bagyşlanan ýadygärlikdir. Heýkeliň beýikligi 18 metr. Ýadygärlikde welosiped ýaryşynyň öňüni çekip barýan türgen açyk sary reňk bilen şekillendirilipdir.

Kaliforniýanyň Santa-Roza şäheri hem özüniň welosiped ýadygärligi bilen meşhurdyr. Uzynlygy 19 metr bolan dörtgraňly sütün 300-den gowrak welosipedi ulanmak bilen döredilipdir.

Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde bolsa ilkinji rus welosipedini oýlap tapan Ýefim Artamonowa ýadygärlk gurlupdyr. Aýtmaklaryna görä oýlap tapyjy 1801-nji ýylda öz welosipedinde Werhoturýeden (Uralda bir oba) Moskwa çenli syýahat edipdr.

Bu heýkel kompozisiýalara degişli ýadygärlikler we monumentler welosipediň häzirki döwürde-de gymmatynyň artýandygyna aýdyň mysaldyr. Saglyga peýdaly bu ulag hemmäniň ünsüni özüne çekýär.