Habar

Düýn Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Geňeşiň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem köp ýurtlarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adamyň ýaşaýan dünýämiziň ekologik ýagdaýy üçin jogapkärçiligi, tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamak işine gatnaşmaga mümkinçilikdir.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşyklylykda hem wajypdyr. Tebigaty goramak ulgamynda derwaýys meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş dünýäde ekologik maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek bu strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda daşky gurşawy gorap saklamak babatynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlaryň bu günki gün has-da kämilleşdirilýändigi bellenilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

“Uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär, Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, şeýle hem tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsir edýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Plenar mejlisdäki çykyşlarda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek çäreleriniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Bu asylly işler halkymyzyň durmuşyna berk ornap, ilat tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Nygtalyşy ýaly, ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Ýurdumyz bu özgertmeleri amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny kemala getirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasy bolup, oňa laýyklykda, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanylmagyna hem-de daşky gurşawyň goralmagyna döwlet tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar.

Maslahat «Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary» bölümi bilen öz işini dowam etdirdi. Oňa sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler hem goşuldylar.

Döwletimiz bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, daşky gurşawy goramak ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli iş alyp barýar.

Häzirki günde Türkmenistan bu ulgamda ekologik konwensiýalaryň, halkara ylalaşyklaryň onlarçasyny tassyklady. Bu netijeli hyzmatdaşlyk özüne täze gatnaşyjylary jemlemek bilen, has-da belent sepgitlere ýetýär.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolup, “2030-njy ýyla çenli Gün tertibini” durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny hem-de özgertmeleri we geljegi uly ösüş maksatnamalaryny işläp düzmekde, amala aşyrmakda Maksatlaryň binýatlaýyn ölçeglerini ulanmak arkaly bu işi yzygiderli esasda alyp barýandygyny bellediler. BMG tarapyndan kabul edilen maksatnamalaýyn resminamanyň her bir ugry boýunça döwletimiziň sebitde we tutuş dünýäde oňyn tejribesi bar.

Şeýle hem şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahatyň «Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti» atly ikinji bölümi geçirildi. Onuň dowamynda “Ýokary okuw mekdeplerinde talyplara ekologik bilimi we terbiýäni bermegiň usuly aýratynlyklary”, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti”, “Klimatyň gurak zolaklarynda ýerleşýän ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň ekologik ähmiýeti”, “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary — ekologiýa boýunça terbiýe çeşmesi”, “Hojalyk desgalarynyň Garagum sährasynyň ekoulgamlaryna edýän täsiri” ýaly mowzuklar boýunça pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy ýaly giň möçberli ekologik taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy munuň aýdyň mysalydyr.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalaryň ulanylmagy hökmany şert hökmünde çykyş edýär. Bu syýahatçylyk zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana we syýahatçylyk kuwwatyndan peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de rejeli çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda maslahatyň “Aralýaka sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmagyň meseleleri” bölümi geçirildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işi, howanyň üýtgeýän şertlerinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak hem-de Aral deňzi sebitiniň suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak üçin sebitiň döwletleriniň alyp barýan işleri, suw hojalyk, ekologik we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara guramalar bilen gatnaşyklar ýaly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlaryny, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi, munuň bolsa, öz gezeginde, ekologik abadançylygy goramak bilen berk baglanyşyklydygy bellenildi. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrunda netijeli çäreler amala aşyrylýar. Suw pudagynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlary, beýleki gidrotehniki desgalar ulanylmaga berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar, ulgamyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň daşky gurşawyny goramak babatda wezipeleri netijeli çözmek üçin ähli bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Oba hojalyk toplumynyň binasynda guralan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezdi. Sergide Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we ekologik taslamalaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.