2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy.
Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Gatnaşyjylara ýüzlenip Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow döwlet baştutanlary tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň nukdaýnazaryndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy-diplomatik dialogyň netijeliligini belledi.
Şunuň bilen baglylykda türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa – Hytaý ugry boýunça energetiki we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine möhüm orun berdi hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden Hytaýa geçirilýän tebigy gazynyň möçberini has hem artdyrmaga taýýardygyny nygtady.
Ulag hyzmatdaşlygy bilen bagly R.Meredow Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden günbatara tarap multimodal ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň esaslydygyny we oňyn mümkinçiliklerini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmaklyk kanunalaýyk hasaplanylýar.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem owgan meselesine, täze howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegine, pandemiýanyň täsirlerini azaltmak boýunça bilelikdäki işlere we beýleki wajyp meselelere aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, 2022-2025-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda özara arabaglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça başlangyç, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda sanly maglumat howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyç kabul edildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri HHR-iň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. bilen duşuşyklary geçirildi, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, sebit we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.