Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Mähriban uçurymlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, Döwlet serhedimiziň mizemezliginiň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini, işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadamlaryňyzyň batly, buýsançly başlaryňyzyň belent bolmagyny, geljekde özüňize ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünliklere ýetmegiňizi arzuw edýärin.
Ata Watanymyzyň edermen gerçekleri!
Siz eziz Diýarymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik harby gullugyňyzda pugta berjaý etmegi, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini, milli gymmatlyklarymyzy hem-de bähbitlerimizi goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunçylygy, hukuk tertibini has-da pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplamalysyňyz. Siziň ruhubelentligiňiz, agzybirligiňiz, gaýduwsyzlygyňyz, sagdynlygyňyz, ýokary bilimiňiz, hünär ussatlygyňyz eziz Watanymyzyň kuwwatydyr, Berkarar döwletimiziň mizemezligidir, howpsuzlygydyr, jemgyýetimiziň asudalygydyr, mähriban halkymyzyň mertebesi hem-de abraýydyr. Siziň jan Watanymyz Türkmenistanyň ygtybarly we berdaşly kuwwaty bolup durýandygyňyza, il-günümiziň asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini goraýandygyňyza, gullugyňyzda ýokary netijeleri görkezýändigiňize guwanýaryn we şeýle belent, asylly maksatlar üçin, gerek bolsa, şirin janyňyzy-da gaýgyrmajakdygyňyza pugta ynanýaryn.
Merdana Watan goragçylary!
Siz geljekde-de Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini, harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezligini, onuň çäkleriniň goraglylygyny üpjün edip, eziz Watanymyza wepalylygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryňyzy goşmalysyňyz.
Siz özüňize ynanylan tabşyryklary ýerine ýetireniňizde, şöhratly ata-babalarymyzyň halallyk, pespällik, kiçigöwünlilik, mertlik, ar-namyslylyk, watanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerine, ahlak sypatlaryna daýanmalysyňyz. Il-günüň abadançylygy ähli zatdan ileri tutulýan mukaddes topragymyzyň mert, edermen, lebzihalal, gujur-gaýratly ogullarydygyňyzy, Oguz hanyň, Görogly begiň, Çagry begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddin Menguberdiniň, Keýmir serdaryň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt ýatdan çykarmaly dälsiňiz.
Siziň şu jogapkärli wezipeleriň hötdesinden geljekdigiňize, özüňize ynanylan işleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watany goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzy has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn.
Hormatly serkerdeler,
professor-mugallymlar!
Bilime teşne ýaşlaryň bilimdir başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça bilim-sowat bermek siziň esasy wezipäňizdir. Siziň geljekde-de bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen ýerine ýetirip, ylymly-bilimli, päk ahlakly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil watançylary terbiýeläp ýetişdirjekdigiňize ynam bildirýärin.
Eziz uçurymlar!
Siziň ähliňizi ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleriň, rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.