11-nji iýunda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberilişi boldy.
Bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Olaryň durmuş ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň hem-de belent mertebäniň nusgasydyr. Gül desseleri “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky ýadygärliklere hem goýuldy.
Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdak sütüniniň meýdançasynda Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda uly ruhubelentlik ýagdaýynda dabaralar geçirildi. Bu şatlykly gün ykbalyny mukaddes Watany goramaga bagyş eden ýaş serkerdeleriň hakydasynda hemişelik galar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli harby özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünär derejeli, Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylyk ruhunda terbiýelenen milli harby serkerdeleriň täze nesliniň kemala gelendigi nygtalýar. Şeýle-de Gutlagda Watan goragçylarynyň söweş tärlerini, häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezliginiň, çäkleriniň goraglylygynyň, döwletimiziň konstitusion gurluşynyň, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň goragynda durmalydyklary bellenilýär.
Harby akademiýanyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we degişli döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.
Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Uçurymlaryň dabaraly harby ýörişi her bir harby uçurymyň durmuşyndaky iň ähmiýetli pursadyň jemlenýändigini alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýokary hünärli harby serkerdeler döwrüň talabyna laýyklykda terbiýelenilýär, olara berilýän bilimiň hili innowasion usullaryň we sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň hasabyna kämilleşdirilýär. Okuwyň dowamynda Watanymyzyň geljekki goragçylary söweş tilsimlerini ele alýarlar, öňdebaryjy harby tehnikalar bilen tanyşýarlar, dürli bilimleri özleşdirýärler we merdana pederlerimiziň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar.
Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Ýurduň goranmaga ukyplylygy diňe bir döwrebap ýaraglara we tehnikalara bagly bolman, eýsem, pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan esgerleridir serkerdeleri taýýarlamagyň ulgamyna hem baglydyr. Milli harby bilim ulgamy harby gullukçylarda söweşjeň ahlak häsiýetlerini terbiýelemäge, harby gullukçy hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlarda Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny kemala getirmäge esaslanýar.
Döwletimiz Watan goragçylarynyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşantlaryna ýokary baha berip, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Döwrebap harby şäherçeleriň, serhet galalarynyň ýokary talaplara laýyk gelýän täze binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, sport desgalary, sagaldyş merkezleri harby gullukçylar barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän hemişelik aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, konstitusion gurluşyny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, syýasy durnuklylygy saklamak üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini ulanyp, Watanymyza, halkymyza jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.