Habar

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Kabul edýän tarapyň wekili bilen howa menziliniň resmi wekiliýetler otagynda geçen gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, şeýle-de iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçiriler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.