Habarlar

Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!
2 Ýan
Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!

    Täze, 2017-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýene-de bir körpeje türkmenistanly dünýä indi. Ol Türkmenistanda ýetip gelen ýylda doglan ilkinji çaga boldy. 

   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze doglan çaganyň ene-atasyna sowgat gowşuryldy hem-de çaganyň dogulmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglar, bagtyýar durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar ýetirildi.