Habar

Düýn, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän 2022 – Import harytlaryň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.

Bu halkara sergä dünýäniň 60-dan gowrak ýurt hem-de 70 töweregi kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilýän Import harytlaryň sergisinde Türkmenistanyň milli pawiliony hem gurnaldy.

Köpugurly sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gahryman Arkadagymyz kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, çeper elli zenanlaryň dokan türkmen halysy, milli el işleri, zergärçilik ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.

Milli önümlerimiziň Halkara sergisiniň diwarlyklaryny bezemegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn manysy bardyr. Türkmenistanda öndürilen önümleriniň bu sergä gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar.

Sergi öz işini şu ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder.