Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol düýn Kabul şäherine ýetirildi.
Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek, zerur halatynda doganlyk goluny uzatmak türkmenleriň gadymdan bäri nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hem türkmen halkynyň owgan halkynyň durnukly ösüşine nobatdaky goşandy boldy.
Häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary, şol sanda ýakyn goňşulary bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Owganystanyň wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çäksiz hoşallyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna ýurdumyzyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky hoşniýetli erk-isleginiň aýdyň nyşany bolan bu kömegi üçin tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.