Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
31 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.