Habarlar

Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar
13 Ýan
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar

    Bu kärhana ýurduň demirgazyk sebitindäki iň iri kärhanalaryň biri. Bütin dünýä meşhur önüm öndürijilerden getirilen öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu fabrik dünýä bazarlarynda ägirt uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriniň möçberini her ýyl artdyrýar.  

    Diňe geçen ýylda bu ýerde dokma we trikotaž önümçiligi üçin niýetlenen Rign nah ýüplügiň 6894 tonnasy öndürildi. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Ýewropa, Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Türkiýä, Pakistana we beýleki döwletlere eksport edilýär. Daşoguzyň nah ýüplügi şeýle-de içerki dokma kärhanalaryna hem iberilýär.