Habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow altynjy Hazar Sammitindäki çykyşynda Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýar.

«Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn», – diýip hormatly Prezidentimiz aýratyn üns çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz Şu mynasybetli,  biziň ýurtlarymyza port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar. Syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn nygtamak isleýändigini belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýäris», – diýip hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Şeýle hem, umuman, Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda öňümizde uly we anyk maksady ynamly goýup bileris-diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.