Gümrük habarlary

Gümrük ammary işe başlady
17 Ýan
Gümrük ammary işe başlady

      Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, Garagum derýasyndan 3000 m. demirgazykda, Änew-Daşoguz aýlaw ýolunyň gündogar tarapy salgysy boýunça ýerleşýän Halkara gümrük terminalynda gümrük ammary işe başlady. Bu gümrük ammarynyň hyzmatlaryndan islendik şahs peýdalanyp biler.                                                                                                                         

Umumy maglumatlar

     Gümrük ammary harytlary gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirmäge mümkinçilik bermek bilen, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin amatly şertleri döredýär.

Gümrük ammary gümrük düzgüni - Türkmenistanyň çägine getirilen harytlaryň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan, alyp gitmek üçin niýetlenilen harytlaryň bolsa Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan şertlerde gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan gümrük düzgüni. Gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar gümrük ammarlarynda saklanylýar. Harytlar gümrük ammarynda üç ýylyň dowamynda saklanylyp bilinýär.

Harytlary gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri

Gümrük ammary gümrük düzgünine islendik harytlar ýerleşdirilip bilner, Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlar muňa degişli däldir.

Gümrük ammary gümrük düzgünine öň başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar ýerleşdirilip bilner.

Gümrük ammaryna harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegi göz öňünde tutulmaýan gümrük düzgünleriniň, şol sanda wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň hereketini togtatmak maksady bilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.

Täze döredilen gümrük ammarynyň enjamlaşdyrylyp gurnalyşy we kuwwatlyklary

Gümrük ammary meýdany 500 (bäş ýüz) inedördül metr bolan ýapyk ammardan hem-de meýdany 57 000 (elli ýedi müň) inedördül metr bolan açyk meýdançadan ybarat bolup, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 176-njy maddasyna we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 18-nji fewralynda 842 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 29 belgili buýrugy bilen tassyklanylan «Gümrük ammary hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän hökmany Talaplara» laýyklykda enjamlaşdyrylyp gurnalan.

Gümrük ammaryna eýelik edýän 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hojalyk dolandyryş direksiýasy.

Gümrük ammaryna ýerleşdirilen harytlara gözegçilik edýän gümrük edarasy

Gümrük ammary Aşgabat şäher gümrükhanasynyň iş zolagynda ýerleşýär. Gümrük ammaryna ýerleşdirilýän Türkmenistanyň çägine getirilen harytlar degişliligine görä «Aşgabat», «Beýik Serdar ýoly» we «Täze Galkynyş» gümrük postlary, alnyp gidilýän harytlar «Aşgabat demirýollary» gümrük posty tarapyndan resmileşdirilýär.

Harytlary gümrük ammaryna ýerleşdirmegiň hukuk esaslary

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 166-174-nji maddalary hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 18-nji fewralynda 842 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 29 belgili buýrugy bilen tassyklanylan «Gümrük ammary gümrük düzgüni ulanylanda aýratyn gümrük operasiýalaryny geçirmegiň Tertibi».

Gümrük ammarynda ýerleşen harytlar bilen geçirilýän operasiýalar 

harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan adaty operasiýalar;

harytlary gözden geçirmek we olary ölçemek;

gümrük ammarynyň çäginde harytlary ondan-oňa geçirmek;

harytlaryň nusgalyklaryny we nusgalaryny almak;

ýönekeý ýygnama operasiýalary;

tapgyrlaryň böleklere bölünmegi;

ugratmalaryň düzülmegi;

harytlary aýyl-saýyl etmek;

harytlary gaplamak;

harytlary gaýtadan gaplamak;

harytlary belgilemek;

harytlaryň hilini gowulandyrmak üçin zerur bolan operasiýalar;

harytlary satuwa we ulagly daşamaga taýýarlamak üçin zerur bolan operasiýalar;

Türkmenistanyň çägine getirilen harytlary gümrük gözegçiligi astynda satmak.

Aýdyňlaşdyrmalar

    Türkmenistanyň çägine harytlaryny (enjamlary) wagtlaýyn getiren şahslar wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň hereketini togtatmak maksady bilen, ol harytlary gümrük ammary gümrük düzgünine ýerleşdirip biler. Gümrük ammary gümrük düzgüniniň tamamlanmagy bilen wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüniniň hereketi dikeldilýär. Bu amal daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük paçlary bilen bagly çykdajylary tygşytlamakda amatly bolup durýar, ýagny harydyň Türkmenistanyň çäginde ulanylman duran wagtlary olary gümrük ammaryna ýerleşdirmek bilen, bu döwür üçin gümrük paçlaryny tölemekden boşap bolýar.

    Şeýle hem, eksport gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary tapgyrlaryň böleklere bölünmegi we ugratmalaryň düzülmegi üçin hem-de alyjy ýa-da daşaýjy üçin amatly wagtda harytlary alyp gitmek üçin gümrük ammaryna ýerleşdirip bolýar. Şunda eksport üçin talap edilýän resminamalara üýtgetme girizmek zerur bolmaýar.