Habar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän, geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilen, kuwwaty 432 MWt-a barabar bolan kuwwatly häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen Türkiýäniň «Ronesans Holding» kompaniýasy tarapyndan gurluşygy alnyp barlan, şeýle-de Ýaponiýanyň «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýasynyň hem gatnaşan bu elektrik stansiýasy netijelilik, ygtybarlylyk, ekologiýa taýdan howpsuzlyk babatda hem diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde iň iri we kämil desgalaryň biridir. Munuň şeýledigine desganyň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabarada stansiýanyň ýolbaşçylaryna gowşurylan halkara şahadatnamasydyr güwänamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzda gurlan bu desganyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändiginden habar berýär.

Kämil desganyň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaradan bäri geçen sanlyja aýlarda işleriň sazlaşykly guralmagy, enjamlaryň ýokary netijeli işledilmegi üpjün edildi. Şonuň netijesinde dünýämize nur paýlaýan, ösüşlere binýat bolýan elektrik energiýasynyň öndürilişi barha artdyrylýar. Her aýda diňe «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda öndürilen elektrik energiýasynyň 104 million kilowat sagatdan ep-esli aşmagy ýurdumyzyň çägine we daşary döwletlere elektrik energiýasyny bökdençsiz we ygtybarly ibermeklige mümkinçililk berýär. Şu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde öndürilýän elektrik energiýasynyň Owganystandyr Özbegistan döwletleri bilen birlikde Gyrgyzystan döwletine hem ugradylyp başlandygyny, soňky aýda onuň möçberiniň 99 million kilowat sagada golaý bolandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýaňy – ýakynda bu kuwwatly elektrik stansiýasyna uzynlygy 125 kilometre barabar bolan “Üçajy – Zerger” gaz geçirijisiniň birikdirilmegi bolsa, geljekde içerki sarp edijilere we daşary döwletlere elektrik energiýasyny ygtybarly we bökdençsiz ibermeklige mümkinçilik berer. Ýeri gelende bu gaz geçirijiniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde bellenilen möhletde gurlandygyny, bu müdirligiň binaçylarynyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek işine hem işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek möhümdir.

Alnyp barylýan işler Berkarar döwletimiziň sebitde elektrik energiýasyny eksport etmekde barha giň gerimlere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.