Habarlar

Döwlet baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bilen duşuşykda agrar syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi
27 Ýan
Döwlet baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bilen duşuşykda agrar syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi

    2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler bilen tanyş boldy. Şeýle hem kärendeçiler we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşleri bilen duşuşdy.

  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşandyny artdyrmak we onuň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin suw üpjünçiligi meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegini üpjün etmek, ekin dolanyşygyny kadalaşdyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşan ýerleri dikeltmek, zeýkeş akabalary ulgamyny kadaly saklamak wajypdyr. Şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň netijeli işlemegi hem-de hojalygy rejeli dolandyrmagy üçin oňaýly şertleri döretmek, raýatlarymyzy döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem-de iş orunlary, şäherlerde we obalarda döwrebap durmuş hem-de ýol-ulag düzümi bilen üpjün etmek wajypdyr.

    Duşuşyga gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň howa menziline ugrady we Aşgabada ugramazyndan ozal ol ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

    Döwlet Baştutanymyz demirgazyk sebite iş saparynyň jemini jemläp, soňky döwürde durmuş ulgamy bilen birlikde welaýatyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylýandygyny we senagat düzüminiň yzygiderli ösdürilýändigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna kuwwatly itergi berlendigini nygtady. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmagyň, Araly halas etmegiň meselelerini çözmegiň çäklerinde hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.