Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna güwänamalar gowşuryldy
28 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna güwänamalar gowşuryldy

2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen, gümrük işi babatynda hünär taýýarlygy hem-de harby taýýarlyk boýunça okuw kursuny üstünlikli tamamlan harby gullukçylaryň nobatdaky tapgyryna okuwy tamamlandyklary barada güwänamalaryň gowşurylyşy hem-de olara ilkinji harby atlaryň dabaraly ýagdaýda dakylmagyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we onuň raýatlarynyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän Harby doktrinanyň ähli düzgünlerine yzygiderli eýerýär. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň harby edaralarynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama berjaý edilýär. 

Alnyp barylýan ýörelgäniň möhüm ugurlarynyň biri ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakdyr. Alnyp barylýan işleriň netijesinde Gümrük gullugynyň harby gullukçylaryň hünär derejeleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar, olaryň hünär taýýarlygy kämilleşýär. 

Dabaraly çäräniň tamamlanmagy bilen, hünär we harby taýýarlygyny geçen harby gullukçylar Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza hemişe wepaly gulluk etjekdikleri barada biragyzdan kasam etdiler.