Habarlar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýanwar aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi
3 Few
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýanwar aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

    2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

   Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

   Mejlisde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işler barada hasabat berildi. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi hem-de amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyna seredildi. Eziz Watanymyzyň dost-doganlyk serhetlerinde işleriň ýagdaýy hem-de täze döwrebap serhet galalarynyň gurluşyk işleriniň barşy, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak boýunça çäreler, ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işler, gümrük gözegçiligini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipeleri babatda geçen aýda geçirilen işler  barada hasabat berildi.

   Şeýle hem döwlet Baştutanymyza geçirilen ýörite tälimler barada habar berildi. Jenaýatçylary ele salmak, şeýle hem partlaýjy maddalary ýüze çykarmak boýunça geçirilen okuw tälimlerinde häsiýetli aýratynlyklaryny görkezen meşhur türkmen alabaýlary ulanyldy.

   Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde düzgün-nyzamy berk berjaý etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.