Habar

Türkmenistanyň hormatly prezidenti, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary sport we sagdyn durmuşy alyp barmak häsiýetinde terbiýelemek maksady bilen halkymyzyň isleg bildirýän möhüm bolan sport harytlary öndürmekde türkmen öndürijilerine döredip beren şertleri, Daşoguz welaýatynda “Fazlsport” brendiniň döremegine esas bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide hormat hatyna eýe bolan, “Fazlsport” brendiniň düýbüni tutujy, telekeçi Rozmetow Yhtyýar sport egin-eşiklerine daşary ýurt bazarlarynda isleg bildirýänleriň köpdügini we türkmen önümlerini eksporta meýilleşdirýändigini aýdyp geçdi.