Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda hem-de «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda kabul edildi.
Gümrük kodeksine girizilen goşmaçalara laýyklykda, harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça deklarantlar, olaryň wekilleri we beýleki dahylly şahslar gümrük edaralary hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralar bilen özara hereketlerini «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ulanmak arkaly amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň dolandyryjysy we saklaýjysy bolup durýar. Bu web-portalynyň talabalaýyk işlemegi üçin, gümrük edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk ulgamy harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly arkaly berlen maglumatlaryň sazlaşdyrylmagy deklarantlaryň, olaryň wekilleriniň şol bir maglumatlary rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly beýleki döwlet edaralaryna, kärhanalaryna we guramalaryna bir gezekden köp bermek zerurlygynyň öňüni almak üçin mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işine täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň döwrebaplaşdyrmagy ýurdumyzda gümrük ulgamyny ösdürmegiň ýakyn geljek üçin iň möhüm meselelerdir. Harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly amallaryň dessin amala aşyrylmagyny üpjün etmek bilen, maglumat tehnologiýalary gümrük hyzmatlarynyň hilini ep-esli ýokarlandyrýar.