2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa bu çärä wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda jenap Kunio Mikuriýa, gümrük işini ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara Konwensiýa (Täzeden seredilen Kioto konwensiýasy) ýaly halkara standartlaryny ulanmagyň möhümdigini ýatlatmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler söwda we ulag ulgamyna ýardam etmek arkaly bähbit gazanmalydygyny belledi.
Işimiziň ýörelgesi “Serhetler bölýär, gümrük birleşdirilýär” diýip belläp, ol Bütindünýä gümrük guramasynyň gümrük amallary üçin standartlary döredýandigini, gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda ýardam berýändigini, şeýlelik bilen, girdejileriň ýygnalmagyna, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegine we serhetleriň bikanun söwdadan goralmagyna goşandymyzy goşýarys diýip, BGG-nyň Baş sekretary nygtady.
Baş sekretar, şeýle hem, “Üstaşyry we söwdany gowulandyrmak üçin sanlaşdyrmak işini çaltlaşdyrmak we COVID-19-den soň durnukly dikeldiş” atly sessiýada wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdi. Şonda, ol pandemiýa sebäpli haryt daşamalarynyň peselmeginiň netijesini aradan aýyrmak üçin gümrügiň orny esasan iki ugur, olar hem söwdany ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny sanlaşdyrmakdyr diýip belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä gümrük guramasynyň agzasy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, BGG-nyň standartlaryna laýyk edip guraýar. Türkmenistanyň gümrük edaralaryna sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga hem, Türkmenistan BGG tarapyndan kabul edilen Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça halkara konwensiýasyna hem 2021-nji ýylda agzalyga kabul edildi.