Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 475 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 247 müň manatlykdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk önümçiliginiň önümlerini, plastik önümlerini, şeýle hem el halylary satyn aldylar.