Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyzystan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine geljekde-de bilelikdäki tagallalar netijesinde giňeldiljekdigine pugta ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.