Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy
25 Few
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

2017-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi, Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň on orunbasaryndan, 21 ministrden we 27 sany konserniň hem-de komitetiň başlyklaryndan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda «Türkmenistanyň Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» Permana, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa 7-nji martda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere bu adyň nyşanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem şol gün milli parlamentiň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýaşaýyş jaýyna örän mätäçlik çekýän köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze jaýyň açarlaryny gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň maslahatynyň jemini jemläp, wise-premýerleriň täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik edýän pudaklaryňyzyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemelidigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmäge ünsi çekdi we wise-premýerleriň her biriniň ähli tagallalaryny ileri tutulýan birnäçe wezipelerde jemlemelidigini belledi. Milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ilkinji nobatda çözmeli bu wezipelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda belläp geçendigini aýtdy.

Men Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, şäherlerde we obalarda talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegi wezipe edip goýdum diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu maksat bilen geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Hökümetiň mejlisine hödürlemegiň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa hem-de wise-premýer S.Toýlyýewe 7-nji aprelde bu möhüm sport forumyna bagyşlanan halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmegi, maslahata Aziada–2017-ä gatnaşjak ähli Olimpiýa federasiýalarynyň wekillerini çagyrmagy hem-de bu oýunlary geçirmegiň hemme meselelerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.