Habar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlag hatynda: “Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan durmuşyň ähli ugurlary boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy, halkara giňişlikde ýokary abraýa we ynama eýe boldy” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklara Türkmenistanyň ýokary baha hem-de uly ähmiýet berýändigini, bu gatnaşyklaryň iki tarapyň meýillerine laýyklykda barha ösdürilýändigini belläp, hoşniýetli goňşuçylyk, hakyky dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň doganlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.