Habar

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna eden döwlet saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda gümrük işi bilen bagly hem resminamalara gol çekildi.

Bu döwlet saparynyň çäginde geçirilen iki ýurduň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda serhetdäki gümrük nokatlarynyň işi bilen bilelikde tanyşmak hakynda ylalaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda Artyk-Lotfabad gümrük gözegçilik-geçiriş ýerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň başlygy Alireza Mogadasiniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekiliýetleri türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Artyk» we «Lotfabad» gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdy.

«Artyk» gümrük nokadyna barmagyň çäginde Eýranyň gümrük wekiliýetine bu gümrük nokadynyň baý infrastrukturasy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman rentgen barlag enjamlary, ýükleri zyýansyzlandyryş desgalary, gulluk itleriniň saklanýan ýeri bar. Eýran wekiliýetine gümrük nokadynda işiň guralyşy we bu ýerde işiň gidişi görkezildi. Şeýle-de eýranly myhmanlar, Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň alyp barýan işini, olarda ornaşdyrylan sanly ulgamlary, enjamlaşdyrylyşy, harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük nokatlaryndan gysga wagtda päsgelçiliksiz geçirilmegi üçin döredilen oňaýly şertleri beýan edýän pars dilinde taýýarlanan wideoşekiller bilen tanyşdylar.

Iş duşuşygynyň dowamynda gümrük maglumatlaryny alyşmak babatda ýakynda gol çekilen Tehniki şertleriň ýerine ýetirilişi, özara söwdaky harytlarynyň gümrük bahasy boýunça bir maglumatlaryň alyşylmagy, iki Gullugyň şertnamalaýyn hukuk binýadynyň tükelleýiş işleriniň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we ösdürmek boýunça geljekki ädimler kesgitlenildi.

Duşuşygy jemläp, taraplar şu günki özara saparyyň Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet serhedindäki «Artyk» we «Lotfabad» gözegçilik nokatlarynyň mümkinçilikleriniň has-da ýokarlandyrjakdygyna, şol bir wagtyň iki döwletiň arasyndaky gümrük gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ýardam eder diýip umyt bildirdiler.