Habarlar

 Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
28 Few
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hasabatlary diňläp, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir welaýatyň wajyp meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Esasan hem,  Ahal welaýatynda ýaýbaňlandyrylan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Balkan welaýatynyň häkimine  ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, bu toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek babatynda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we beýleki ýerlerde dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. 

Daşoguz welaýatynyň häkimine welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek we işleri talabalaýyk derejede guramak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine ýerlerde köpçülikleýin bag ekmek çäresine, aýratyn-da, gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny, munuň Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde has-da möhümdigini belledi we bu işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, maldarçylyk hojalyklaryndaky durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegi bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglylykda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary babatynda, hususan-da, däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, gaýtadan işleýän pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.