Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Olaf Şolsuň döwlet Baştutanymyza mähirli salamlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady, dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň Germaniýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, şu döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilendigini belledi. Häzirki wagtda ýurtlarymyz döwletara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda depginli ösdürilýän hem-de özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň hataryndadygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň döwletlerimiziň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank, şeýle-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň köpüsi türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär.

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.

Mihael Uwe Birhoff hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmündäki işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan edip, öz tarapyndan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine we halklarymyzyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.