Gümrük habarlary

Gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşlar geçirildi
14 Mar
Gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşlar geçirildi

   Ýaňy ýakynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň” çäklerinde gullugumyzyň harby gullukçylarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça özara bäsleşik geçirildi. 

   Bu bäsleşige welaýat we Aşgabat şäher gümrükhanalarynyň, merkezi edaranyň,Gullugyň ýanyndaky hojalyk dolandyryş direksiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bäsleşik birnäçe günläp dowam edip, onda harby gullukçylar öz başarnyklaryny görkezdiler. 

   Bäsleşigiň jemleri boýunça Ahal welaýat gümrükhanasynyň ýygyndy topary 1-nji orna, Aşgabat şäher gümrükhanasy 2-nji orna, Balkan welaýat gümrükhanasy 3-nji orna mynasyp boldy.