Habarlar

Aşgabatda geçirilen maslahatda «Siemens AG» kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy
14 Mar
Aşgabatda geçirilen maslahatda «Siemens AG» kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlary bilen işlemegiň tejribesine garaldy

   Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Siemens AG» kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.

   Paýtagtymyzda guralan maslahat öz işini degişli bölümçelerde, has takygy paýtagtymyzdaky Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde hem-de iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde dowam etdi. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmagyň hem-de bu ulgamda ylmyň iň täze gazananlary bilen içgin tanyşmagyň ýolundaky möhüm ädim bolup durýar.

   Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky lukmançylyk merkezleriniň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.