Gümrük habarlary

Ýazky bag ekmek çäresi geçirildi
18 Mar
Ýazky bag ekmek çäresi geçirildi

   Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmeginde möhüm orun eýeleýän “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz 18-nji martda ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

   Ýowarda bag nahallaryny oturtmak, ozal oturdylan baglara talabalaýyk ideg etmek, olara ýanaşyk ýerlerde arassaçylyk çärelerini ýerine ýetirmek boýunça işlere Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary işjeň goşulyşdylar. Olar özlerine berkidilen ýerlerdäki, seýilgählerdäki baglaryň idegini ýerine ýetirdiler.