Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky ýyllarda syýasy we durmuş-ykdysady ugurlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny, öz raýatlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyryp, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini bellemek guwandyryjydyr” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.
“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan dostluk, hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar” diýip, döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.