Habar

Şu gün, Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – BAE» işewürler maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi. Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryna ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. 

Bar bolan ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejededäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy döwletara gatnaşyklary ösdürmäge täze kuwwatly itergi berer. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. 

Türkmenistanyň we BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli geçirilýän gepleşikleri ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara gyzyklanmanyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol hyzmatdaşlyk bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi.

Myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň sergisi işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyny döretdi.Telekeçi zenanlar halkymyzyň buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlygy bolup durýan ajaýyp we meşhur türkmen halylaryny, şeýle hem gadymy döwrüň we häzirki zamanyň ruhuny özünde jemleýän dürli haly önümlerini görkezdiler. 

Bu ýerde görkezilen ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly, eksport ugurly ýokary hillli dokma önümleri köp dürlüligi bilen haýran galdyrýar. 

Işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

Açyklyk, ynanyşmak ýagdýaynda geçen işewür duşuşugyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt doalnyşygynyň möçberlerini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi. 

«Türkmenistan – BAE» işewürler maslahatynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli  häsiýete eýe bolandygyny tassyklady.