Habar

2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümine girýän degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferenesiýasynyň hünärmeni gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara iş toparynyň başlygy “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler esasynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Soňra, Pudagara toparynyň düzümine girýän her-bir ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri resmileşdirme işleri “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak babatynda kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada hem-de tehniki-aragatnaşyk we hünärmen üpjünçilikleri barada giňişleýin hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda, mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işini sanlylaşdyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda dowamly goldaw-hamaýatlary berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.