Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mundan 27 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr. Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Biziň döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady. Halkara giňişlikdäki milli bähbitler we geljegiň ählumumy strategiýasy nazara alnyp, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat hem-de bagtyýar geljeginiň hatyrasyna daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy halkara gatnaşyklaryň täze gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen netijeli ädimler hökmünde kesgitlendi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak bilen, Bitaraplygymyzyň dünýä üçin nusgalykdygyny doly ykrar edýär.
Mähriban halkym!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişilmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär. Biz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga, mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.
Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutynyň ýyllyk duşuşygynyň, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýyllyk duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmegi Türkmenistanyň dünýäniň ykrar edilen parahatçylygy goldaýjy merkezleriniň biri hökmünde halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Dialog ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň guralydyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň halkara hukuk derejesine hemişe üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyza hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgämize eýerip, dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi dowam etdireris.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.