Habar

2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň 2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda döredilen bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işçi toparyň agzalary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň gatnawynda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrylmagyny guramak, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş çygryndaky hyzmatdaşlyk etmek we işgärleri taýýarlamak babatynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijesi boýunça işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamany baglaşylmak babatda degişli işleri geçirmek barada karara gelindi.