Düýe ýüňünden taýýarlanýan önümler gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde has-da uly islege eýe bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi zenan Şasenem Garlyýewa “Iner düýe ýüňi” brendi astynda düýe ýüňünden önümleriň birnäçe görnüşlerini öndürýär. Telekeçiniň Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, täze açylan art studiýasynda düýe ýüňünden dokalýan el işleriniň üýtgeşik görnüşleri bilen tanyşmak we olary satyn almak mümkin.
2018-nji ýylda önümçiligini ýola goýan telekeçi zenan düýe ýüňünden saçaklary, bilguşaklary, örtgüleri, ýorganlary, ýassyk daşlaryny taýýarlap, ýörite buýurmalar esasynda ilata ýetirýär. Düýe ýüňünden dokalýan bu önümler ynsan saglygy üçin peýdalylygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Düýe ýüňüne we ondan taýýarlanýan önümlere hiç hili reňkiň goşulmaýanlygy aýratyn bellärliklidir.
Telekeçä degişli bolan art studiýada çeper elli, işine ezber gyz-gelinleriň onlarçasy zähmet çekýär. Olaryň düýe ýüňünden taýýarlaýan el işleri köp görnüşliligi, syky dokalanlygy bilen müşderileri özüne çekýär. Bu önümlere diňe içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, halkara bazarda hem alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Düýe ýüňünden dokalan el işleriniň eksporty Italiýa, Fransiýa, Niderlandlara ýola goýuldy.