Habarlar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 Iýun
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge degişli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklady, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow polkownik M.Çakyýewi Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine belläp, ony Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem polkownik Ý.Söýegowy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellemek we ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny, daşalýan ýükleriň möçberlerini ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň ähli görnüşleriniň içgin barlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň işiniň döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, gümrük düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi