Habarlar

 Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy geçirilýär
7 Iýun
Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy geçirilýär



2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç”atly Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologiýa forumy öz işine başlady. 

Aşgabatda geçirilýän bu gezekki duşuşyga Belgiýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, ABŞ-dan, Çehiýadan, Şweýsariýadan -- jemi dünýäniň 13 ýurdundan ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym-bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, işjeň ekologlar gatnaşýarlar. 

“Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri boýunça ekologiýa hyzmatdaşlygy üçin çagyryşlar we mümkinçilikler” mowzugy boýunça geçirilen maslahat forumyň esasy bölegine öwrüldi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi adamzat üçin çynlakaý wehimleriň biri bolup durýar. Munuň özi sebitiň gurak zolaklarynda ýerleşen we Aral meselesi hem-de onuň täsiri bilen bagly ýurtlarda öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň zerurlygyny ýüze çykarýar. 

Forumyň maksatnamasy suw we ekologiýa mowzugyny birleşdirýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi