Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa edilýän ideg işleri agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilýär, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri talabalaýyk guralýar, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän zerur çäreler, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň bol hasylyň kepili bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlardaky sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, olaryň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depgininiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda hem birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.

Welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi hem-de depginleriniň artdyrylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Şeýle hem ýazky möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bulardan başga-da, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň, pagtaçy kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň barşyna ünsi çekdi hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar, gurallar abatlanylýar, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlary, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagtaçy kärendeçileri ýokar hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilmeginiň, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine degişli derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem şu ýylda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär.

Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen bir hatarda, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalygynyň möhüm orun eýeleýändigini hem-de alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek esasynda geçirilmeginiň aýratyn talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.