Habarlar

  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler
14 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Giňişleýin düzümde, iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp we ýurdumyza gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilmegi babatda BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkarar etmekde hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň birnäçesiniň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary hemişelik esasda işleýärler. Bilelikdäki iri maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Olar ýurdumyza ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly we beýleki strategiki ugurlar durýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netije babatda meňzeş ýörelgeler hem-de garaýyşlar esasynda alnyp barylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi