Habar

Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda öndürilen sintetik polimerleri gaýtadan işlemäge gönükdirilen önümçilik artýar.

Geçen ýyl olaryň hataryna polietilenden we polipropilenden suwuk jisimler üçin plastik gaplar öndürýän ýene bir kärhana goşuldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, ýerli telekeçi A. Genjäýew döretdi. Bu ýerde oturdylan ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen kärhana ýylda 300, 500 we 700 litr göwrümli 25 müň sany gap öndürip bilýär.

Häzirki wagtda polipropilen we polietilen gaplar ýuwaş-ýuwaşdan adaty polat we beton gaplaryň ornuny eýeleýärler. Munuň sebäbi polimer serişdeleriniň poslama, kislota we aşgar täsirine garşy ýokary durnuklylyk, berklik, syklyk we çydamlylyk ýaly häsiýetle eýeligindedir.

Öňler şuňa meňzeş gaplaryň ýerli söwda ulgamyna beýleki sebitlerden getirilendigini bellemelidiris.

Bu gün Daşoguz welaýatynda birnäçe kärhana sintetik polimerlerden dürli maksatly önümleri öndürýär. Olaryň arasynda müşderiniň islegine görä, diametri 16-dan 315 millimetre çenli bolan polietilen we polipropilen turbanyň kyrkdan gowrak görnüşini we azyk önümleri üçin bir gezeklik gap-gajyň käbir görnüşini öndürip bilýän döwlet polimer önümleri zawody, şeýle hem birnäçe hususy kärhana bar. Mysal üçin, «Laçyn ganaty» hususy kärhanasy ulanyjynyň buýurmasy boýunça suw üpjünçiligi we lagym ulgamlary üçin polietilen hem polipropilen turbalary öndürip bilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Çemenli dag» hususy kärhanasy bolsa dürli oba hojalyk önümini daşamak üçin niýetlenen plastik gutulary öndürýär. Häzirki wagtda şäherde gurulýan «Halyçy gözel» hususy kärhanasy amatly sintetik serişdelerden maşyn usuly bilen haly önümlerini öndürmekçi.