2022-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Duşuşyk, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň» çäklerinde geçirildi.
Aziýa Ösüş Bankynyň bilermenleri duşuşyga gatnaşan Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenlerini Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy we gümrük maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy ulgamynyň işi, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar bu ulgama Türkmenistanyň gatnaşmagy barada meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Agzalan ulgam gümrük düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi we sazlaşdyrmagy we CAREC sebitinde sazlaşykly üstaşyrt ulgamyny döretmegi maksat edinýän sebitleýin üstaşyr ulgamydyr. Ulgamyň esasy artykmaçlyklary üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, wagt we çykdajylary tygşytlamak we serhet geçelgelerinde gümrük amallarynyň tizleşdirilen tertipde amala aşyrmak bolup durýar.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek maksady bilen gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Gümrük gözegçiliginiň has ýönekeýleşdirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň çalt ýerine ýetirilmegi üçin çäreler görülýär. Sanly özgertmeler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda işjeň ornaşdyrylýar.