Habarlar

Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk meseleleri boýunça maslahat geçirdi
7 Awg
Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk meseleleri boýunça maslahat geçirdi



2017-nji ýylyň 3-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüşi, şol sanda hyzmatlar, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlary bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirdi. 

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerindäki söwda nokatlarynda milli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri hem goşmak bilen dürli harytlar bolan ýokary hilli söwdany üpjün etmegi hem-de Olimpiýa şäherjiginiň ýakynyndaky söwda merkezleriniň gije-gündizleýin tertipde işlemegini guramagy tabşyrdy.

Oýunlara gatnaşýan türgenleriň, resmi wekiliýetleriň agzalarynyň, myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, meýletinçileriň we hyzmat edýän işgärleriň ýokary hilli iýmit bilen üpjün edilişi boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň üstüne azyk önümleriniň talabalaýyk saklanylyşyna, dürli iýmit önümleriniň taýýarlanylyşyna we ähli ýerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygy ýüklenildi.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi