Habar

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berýär.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda bar bolan mümkinçilikleri ulanmakda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy söwda-ykdysady ugurdaky türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edýär we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrýar, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri, iki goňşy ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara festiwallar munuň aýdyň mysalydyr. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini aýratyn bellemek gerek.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara laýyklykda, täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny pudaklara ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýeti dünýä ölçegleri esasynda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň çäklerinde iki ýurduň işewürleri özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik alarlar.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletli geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bu gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine, abadançylygyna hyzmat edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.