Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosini, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million 562 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 51 million 104 müň manatdan gowrak nah ýüplük, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 31 million 772 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplaýyş plýonkasyny, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.