Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna» laýyklykda hereket edýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň «TIR-EPD» maglumat ulgamyny, Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyrdy.
Häzirki wagtda, «TIR-EPD» maglumat ulgamynyň üsti bilen gelip gowuşýan deslapky elektron maglumatlaryň esasynda, Gullugyň «ASYCUDA World» maglumat ulgamynda awtomatik usulda we muzdsuz, gümrük dellalynyň hyzmatlaryndan peýdalanmazdan, gümrük deklarasiýalary resmileşdirilýär.
Şeýle hem, MDP (TIR) depderçesini ulanmak bilen ýükleriň halkara daşalmalary amala aşyrýan ýük awtoulaglaryň gümrük gözegçiligi, Döwlet serhedinde geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ýerleşýän gümrük nokatlarynda ýörite döredilen «Ýaşyl geçelgelerden», ileri tutma tertibinde geçirilýär.
Bu bolsa öz gezeginde, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag logistika binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleriň özüne çekijiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň dowamly alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.