Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlanylyşy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler guramaçylykly geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine çenli taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri ekişe taýýarlanylýar, welaýatyň pagta öndürijilerini ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek ýerleri ýazky möwsüme taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny pugta berjaý etmek arkaly geçirilmegi we pagtaçy kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny gözden geçirmek, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürmek we tekizlemek, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi, pagta öndürijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg hem-de gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak boýunça degişli işler guramaçylykly dowam edýär, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine başlanyp, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň gözden geçirilişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, pagtaçy kärendeçileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilendigi barada hem habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tejribeli hünärmenleri, alymlary, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ýardam hem-de maslahatlary bermek üçin yzygiderli iş saparlarynda bolýarlar.

Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine girişilip, bu işleri bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuna ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekilmegi meýilleşdirilýän gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, hususan-da, derýalaryň we suwaryş akabalarynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak, olaryň hanalaryny göneltmek, çuňlaşdyrmak, kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.