Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin halkara söwda işinde daşalýan ýükler boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek bilen bagly amallary geçirmek, ýükleri ýüklemek, düşürmek we ammarlarda saklamak we beýleki görnüşdäki ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýär.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ulanylýan döwründe, Hojalyk dolandyryş direksiýanyň daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin hödürleýän hyzmatlary hem sanlylaşdyryldy. Bu işleriň çäklerinde, Gümrük gullugynda ornaşdyrylan maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly gümrük taýdan resmileşdirmeleri bilen bagly üpjün edilýän hyzmatlar dowamly kämilleşdirilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «ASYСUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda Üstaşyr deklarasiýalary we «Sanly gümrük amaly» programma üpjünçiliginde degişli maglumatlary doldurmak üçin täze nyrhnamalar bellenildi. Nyrhnamalara laýyklykda, daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin degişli hyzmatlar boýunça tölegleriň mukdarlary azaldyldy.

Direksiýa tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmek amallary bilen bagly hödürlenýän hyzmatlaryň gysga wagtda we amatly bahadan üpjün edilmegi ýurdumyzyň çäginden ýük akymlarynyň has-da artmagyna ýardam eder.