Habar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümlere häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de harby ulgamda toplanan öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek babatda ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzüm bölekleriniň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, serkerdeleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýaş esgerleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, harby gullukçylaryň söweşjeň hem-de nazaryýet taýýarlygyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişinde geçirilen barlaglar boýunça hasabat berdi. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň prokuratura edaralarynyň üsti bilen kanunlaryň rüstemligini, hukuk tertibiniň üpjün edilmegini amala aşyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz işde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de düzümiň işgärler üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2023-nji ýylyň başyndan bäri bu düzümiň işini ösdürmek boýunça Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky edaralarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, paýtagtymyzyň we sebitleriň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyndan goranmagyň kadalaryny berjaý etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berildi.

Şeýle-de hasabatda içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça hem-de bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler beýan edildi. Hususan-da, IIM-ne degişli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş merkezleriniň açylyp ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň ýolbaşçysynyň kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Ähli düzüm bölekleriniň işinde häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagy zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy yzygiderli esasda ilatyň arasynda ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem IIM-niň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek barada görkezme berildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň iki aýynda geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky edaralarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu düzümiň işini döwrüň talaplaryny we öňdebaryjy iş tejribäni hasaba almak esasynda guramak meselelerine ünsi çekdi. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew garalýan döwürde ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýynyň üpjün edilişi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Gözegçilik edýän düzüm böleklerinde häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanmak hem-de işgärleri taýýarlamak meseleleri hasabatda beýan edilen aýratyn ugurlar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ähli goňşy ýurtlar bilen dost-doganlygyň serhedi bolup durýan berkarar döwletimiziň çäklerini goramak boýunça bu düzümiň harby gullukçylarynyň öňünde durýan jogapkärli wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalar barada aýtmak bilen, gullugyň ýolbaşçysyna serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, merdana Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmekleri üçin hem-de olaryň maşgala agzalaryna amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra çykyş eden adalat ministri M.Taganow şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, teklipleri taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de düzüm böleklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda geljekde-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz düzümiň ýolbaşçysyna ilata ýokary derejeli hukuk kömeginiň berilmegini talabalaýyk guramak we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamak barada tabşyryk berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de Türkmenistanyň çäklerinden geçýän, barha artýan ýük akymlaryny, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýük gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, örän möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň soňky ýyllarda barha ýokarlanýan geostrategik orny bilen baglylykda, bu gullugyň işleriniň möçberiniň artýandygyna ünsi çekdi. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň peýdalanylmagy serhet üstünden geçýän ähli harytlaryň we ýükleriň dessin we talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz gümrük amallarynyň halkara ülňüleriň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wоlsahatow bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň anyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Bu ulgamda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, innowasion usullar, häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz eýerip, dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy. Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir hem-de şoňa laýyklykda, geljekde-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň gurluşy yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.